- oýmur-oýmur
- [o:ýmur-o:ýmur]Oý bolup duran, oýulyp duran.∙ Päkize gar bilen örtülen çägäniň ýüzünde oýmur-oýmur yz galdyryp, yzyna dolandy. («Kolhoz Günleri»)∙ Ýoluň kenarynda oýmur-oýmur şorluk meýdan duzlag ýaly agaryp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Olar käte oýmur-oýmur takyrlardan geçýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.